07:22 Aý problemasy | |
Gitdigiçe ýakynlaşyp gelýär Aý. Özem göni törümize gelýär Aý. Bilýärsiňiz ahyr ähli şahyrlar, Aýy öz ýaryna edipdirler taý. Şoň astynda duşupdyrlar ýaryna, Aý ýüzli marallar geýip keteni. Indi görsek, Aý diýilýän «perizat» Söýmedikleň ýüregi dek sop-sowuk, Ýürek gysdyryjy boşluk ekeni. Eger walla, ynanasyň gelenok! Aý şeýle bor diýip kim etdi hetdi. Ine, saňa ylmyň progressiwligi Aý hakdaky pikirimizi üýtgetdi. Ine, saňa gözelleriň taýy Aý! Indi nädip ony gyza deňejek?! Biz-ä keýpden çykdyk gyza deňäpler, Senem günüň gör-dä, gyzyl enejik! «Bolçulyk deňizi» gara daşa baý, Aslynda, daş onuň belendi-pesi. Gijesine sowugyna çydalmaz, Gündizine şonça gradus yssy. Men oýa batýaryn, Gama batýaryn, Ýok pikirler çozýar üstüme onsoň. Eý, sen meniň Aýa deňäp gelenim, Senem şeýlemikäň ýakyna gelseň? Gurbannazar Ezizow. 1971. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
