00:24 Bagşylaryñ halasgäri | |
Radiosy bardy kakamyñ, köne, Çagakak bolardyk daşynda gümra. Baý, konsert bererdi onuñ içinde, Aman Kadyr, Annuş, Hajydyr, Hemra. Parahatdyr, Gülşat bagt paýlap hemmä. Döwrüň ägirtlerniň barysy bardy, Akyşmy, Kasoýmy, Bally Hajymy. Bir gün bagşylary görmekçi bolup, Derhal açdym radionyň içini. Seretsem hiç kim ýok, "dynç alýandyrlar", Başga sebäp tapman, şeýle çakladym, Soñ "şular ajyndan öläýmesin" diýp, Içine bir bölek çörek okladym. Soňam radionyñ nurbatlaryny, Berkje berkitdim-de, özüm dürsedim. Meger şodur ýaşan ähli ömrümde, Iň ajaýyp sogap eden pursatym. Soň bagşylaň sesi ýognap başlady, (Iýipdirler öýdýän beren çöregmi). Berilýän nanlaryň gädilşin görüp, Her aý çalşyp durdum olañ deregni. Ynha şeýdip ähli bagşylarmyzyň, Men bolupdym açlyk ýüküni çeken. Soňra yzlap görsem toýlardan ýaňa, Olaryň barsysy "millioner" eken. Şonda-da meň eden gahrymanlygmy, Özleri bilseler ajap bor ajap. Indi toý-tomguda duşaýsam ýeter, Hemmesinden çörek hakyn sorajak. Kerim HALLY. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 17 | 1 2 » | |||||||
| ||||||||
1-15 16-17 | ||||||||