11:16 Diñe sen | |
|
Giň kalbymyň töründedir kamatyň, Men guş bolsam sen giň ýaýan ganatym, Ýeke galyp ejizleýän halatym, Bir ýylgyrşyň melhem bolýar ýüregme, Men hiç kimi goýup bilmen deregňe. Ak bagtymy saňa ýazmyş täleýim, Bir ömürlik huzuryňda galaýyn, Bak gözlerme, gözleriňden ganaýyn, Döndüň meniň iki dünýä geregme, Men hiç kimi goýup bilmen deregňe. Päk söýgimiz öwrülmesin tegmile, Ýylgyr gülüm şol gelişer meňziňe, Başyňy goý perişdeli egnime, Gan mährimden, zat soralmaz girewne, Men hiç kimi goýup bilmen deregňe. Bagladyň ýar kakyp köňül tarymy, Seň mähriň doldurar gyzgyn törümi. Duýýan ýaly gelejegmiň nuruny, Kän garaşdym Allam seni bererne, Men hiç kimi goýup bilmen deregňe. ■ "DEN WALENTIN" OÝLANMASY "Maňa degişli däl, bu gün" diýseňem, Ýatlaýansyň ýaşyň süpürip ogryn. Sebäbi ýüregim saňa ylgaýar, Diýsemem dostlarma "gerek däl şol gyz". Şoň üçin bu baýram bizden sowulmaz, Bermesem-de saňa gyrmyzy güli. Eger bolan bolsa ikimize-de, Degişli bolmazdy "bagtlylaň güni". Kerim HALLY. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
