12:32 Öçe başlady | |
"Demirler asmanda ganatlap uçar" Magtymguly Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar, Asmanda polatlar uça başlady. Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar, Köpler namysyndan geçe başlady... Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller, Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar, Bu gün unudylyp şol geçen günler, Güller özge ýigdi guça başlady. Mergen bir çüýşäniñ açdy gapagyn, Sypap, ýanyndakyñ uzyn gulpagyn, Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin, Bar aýbyny ile aça başlady. Süýtden doly göwsün sorup enäniñ, Soñundan üssüne üýrüp enäniñ, Garrandygyn duýup bir perişdäniñ, Perzentler assadan gaça başlady. Ownaýar erkekler ýene bir rast söz, Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz. Bir näzik zenana gelip ýürek döz, Ýigitler boş anty içe başlady. Kerim ýazar emma, däldiris şahyr, Her ynsandan şahyr çykanok ahyr... Ele galam alyp, her ýeten jahyl, Ýazdy, poýezýamyz öçe başlady. 2015 Kerim HALLY. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||