16:58 Bagt oýlanmasy | |
|
Göremde gözlerin kalbym nurlanyp, Akyldyr - huşymy aldy gözel ýar. Indi mydam ýürek gürsüldäp diýer: " Bu melek bolmasa dünýe maña dar ". Syýa zülpi bezär inçe bilini, Keşbi haýran kylar ajap ilini, Süýji sözli näzeniniñ dilini, Sorsam diýip, bu gün köñlüm bolar zar. Maýda gadamlary gör neneñ ajap, Misli alma - nar deý ýetişen süýjäp, Ýanyna howlukýan gaýratym güýjäp, Barynçam küýseýän, bu ýüregim har. Edebi bir mekdep, hiç tapylgysyz, Mydam dowam eder, hiç ýapylgysyz, Menem aşyk etdi, hiç gutulgysyz, Ömrümiñ " bagt " - sözi, onuñ bilen bar. Şirnazar ädimlär, bu gün bagt sary, Ýañlanyp kalbynda söýgüniñ tary, Her gün däl,her demde beýgeler ary, Çünki beýik yşkyn kabul etdi ýar ... Şirnazar TAGANOW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
