07:43 Durmuş | |
|
Zamanañ ahyry geldimi bilmen, Mollalar aýatdan, gybada geçýär. Gündiz molla bolup, törde oturan, Gije ýeke galyp, meý-şerap içýär. Aýtgyn goja dünýe bu ne ahwaldyr? Düýnki nikalylar köçede entär. Döwletli birini tapan mahaly, Jübti işde wagty, öýüne eltýär. Gözüm göreninde bulandy ýürek, " Nas " - atly awyny atanda çaga. Birsalym agzynda saklap bolansoñ, Ýakymsyz närsesin, syçratdy baga. " Adalat ýok " - diýme, döretjek bolgun, Onuñ üçin kalp törüñe mertlik ek. Belki ukudasyñ, oýanmak gerek, Her işde, her ýerde, ýaşap arslan dek. Şirnazar TAGANOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
