22:52 Bagyşla | |
|
Bagyşla, bagyşla, garagöz ýarym, Ýüregiñ men diýip gyýylmasyna. Ajy ýatlamalar bagryñy iýip, Çeşmiñden ýaşlaryñ guýulmasyna. Bagyşla, dolanaý, terk edip gitme, Intizar ýürekler düşmesin aýra. Umman deý gözleñde özümi görsem, Ähtimden bir ädim geçmerin gaýra. Bagyşla, rugsat ber başarsañ ýeke, Ýöne mähribanym indi giç diýme. Ömürlik bagtyñy bagtyma baglap, Öýüme gadam bas, atyn-da öýme, Bagyşla, göwnümde galmasyn arman, Sensiz ýykylaryn, galmagym çetin, Ötünç soramaryn ýöne hiç haçan, Bagyşla diýýärin söýgimiz üçin. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
