13:07 Bar bolan zat | |
Bardy-geldi aýra düşse ykballar, Şo zaman kyýamat gopar öýderdim. Sen-ä atsyz-sorsuz asmana uçup, Meni-de gara ýer hopar öýderdim. Emma seretsene, hiç zat bolmady, Günler dogdy-ýaşdy öňkisi ýaly. Hemişeki ýaly ýagyşlar ýagyp, Guşlar hem saýraşdy öňküsi ýaly. Öňküsi dek akyp ýatyr derýalar, Daglar dymyp otyr – seri hyýally. Bar zat öňki: hiç zat bolmadyk deýin, Sen-ä – ärli boldyň, Menem – aýally. Durmuş dowam edýär öňküsi ýaly, Pasyllaň yzyndan çalşyp dur pasyl. Sen söýüş, durmuş gur ýa-da aýra düş, Ol öňa äwjegem bolanok asyl. Bar zat öňki: kem zadym ýok durmuşda, Elbetde, seniňem kem zadyň ýokdur. Sebäp bize gundagdaky çagajyk Biri-birimizden eziziräkdir. Bar zat öňki, Bir bolan zat o günler Herimize goýupdyr öz tagmasyn: Dökülipdir seň sypalan saçlaryň, Meň öpen ýerlerme düşüpdir gasyn. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
