Geldimyrat aganyñ hem goşgularyna tankydy bellikleriñizi ýazaweriñ, mähriban okyjylar. Ýaşuly goşgulary boýunça berilýän bahany, pikirleri bilesi gelýär.
Şahyr şygyrlarynda ynsan kalbyndaky gara pälleriň, ýakymsyz häsiýetleriň, ýoknasyz gylyklaryň dartgynly beýanatyny berip gelýär. Ine, ýokardaky bäş sany otrissatel gylygyň köňül awundyryjy häsiýetini iri planda, tüýs sahna arenasinda durup görkezýär. Munuň özi okyjy üçin has we has düşnükli görňüşe eýe bolýar. Şygyr mazmuny ýöntemje we sadalyk bilen okyjynyň aňynda öz manysyny açýar~da, ýerleşmeli ýerinde mekan edýär. Çünki, okyjynyň durmuş~ýaşaýyşda aňlap, bilip, yzasyny çekip ýören nysaklarynyň çeper beýany onuň aňynda dartgynly ýagdaýda ,, isjeň oýnaýar". Elbetde, şahyryň goşgylarynda biri~birine kebşir tapmaýan setirlerem esli bar. Bu barada soň.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]