01:14 Bazar oýlanmalary | |
![]() 1. Çoganlyň bazarynda, Kän zat bar. Zatlaryň baram Pula hyrydar. Iňňe-oýmakdan başlap, Dur ekskawator. Bolmasaň sen pula zar, Agzanyň taýýar. Pul gerek diýseň, Manatmy, dollar, Pulam tapylýar. Ýöne puluň özi hem Pula satylýar. 2. Şäher bazarlarynyň, Adamdan doly sepi. Alyjam bar weli, Alyp-satarlar köpi. Göräýmäge ýerem kän, Elteniň satar ýaly, Belki, ussadyr, daýhan, Öz zadyn özi, Satmak hyýally. Ýöne bar ýer eýeli. Alyp-satýanlaň ýeri. Ekende ýok tikende, Gujaklap dur ýerleri. Bazar iýermenleri. 3. Direktor bellediler, Ony Uniwermaga. Bardyr-da penakäri, Birden beýge galmaga. Eýýäm giden iş etdi. Gojalanlaň iş ornun, Kemeltdi-de, ýogetdi. “Emleýänleriň” onun, Iş ýer edip, köpeltdi. Söwda ýernem üýtgetdi. Geçilýän ýeri ýapdy, Iýip-içilýän etdi. Birden ýangyn döränne, Gaçylýan ýerem ýapdy, Dükan edip, beýgeltdi. Şeýdip, bar ýeri satdy. Indem Söwda merkezde, Aýak basara ýer ýok. Deregne direktoryň Jübi pully, garnam dok. 4. Iki müň ýedidedi, Ir säher wagty, Jygyllykda tapypdym, Ýiten sungaty. Ýaňlandy radioda, Dutar owazy. Owaza tämizlendi, Bazar howasy. Sebäp dutar ýitipdi, Halkyň hakydasyndan. Galypdy halk ir-säher, Saza oýanmasyndan. Şo günlerde Arkadag, Lider bolup başlapdy. Sungat halkyňkydygyn, Dutar bilen buşlapdy. Eý, halkyň Jygyllygy, Soň eý gördüm men seni, Halk sazynyň mesgeni! 2024 ý. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |