21:02 Berýoza tokaýynda | |
|
Niräñe seretseñ gaýmak berýoza, Aklygyñ içine çümeniñ aýdyñ. Içlerini döküp olar her ýaza, Topraga bezegdir, şahyra - aýdym. Ýapynyp asmanyñ mawy ýaglygyn, Bedenin sypadýar göçgün şemala. Ýazda berýozalar undup baglygyn, Sülmüreşýär gyzlar ýaly hamala. Berýoza topragyñ ap-ak arzuwy, Bedeniñe kümüş suwy çaýylan. Astynda ýar bilen duşuşsañ gowy, Päk duýgular göwünlere ýaýylar. Bedenine siñen nury Aý, Günüñ, Şiresini döker synasyn ýaryp. Nygtap aklygyny rus göwnüniñ, Süýde çümen ýaly durlar akjaryp. Berýozalar boýna müñ şelpe dakyp, Rus topragyna bezeg, ýaraşyk. Birmahallar giden ýoluna bakyp, Durlar Sergeý Ýesenine garaşyp. * * * Ýetişen gyz deýin joş urýar bahar Tikýär sährañ gül keşdeli begresin. Ýyldyrym deý ýüwrük keýigi görüp, Şöhleler sypaýar mahmal sagrysyn. Gundagyndan çykyp gyltyz gyrtyçlar, Ýere berýär gyşdan alan ýaşlygyn. ...Ýagyş bolup inýär lemmer bulutlar Kyn görüp sähradan arañ daşlygyn. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
