23:13 Bikararlyk | |
Soñky döwür iki jahan awara Soñky döwür jinnek ýaly keýpim ýok. Gelip başaramok belli karara, Ähli zatdan many tapyp bolanok. Adamlaryñ arasyndan barýaryn, Olar maña, men olara nätanyş. Geñ galyplar seredýärin her ýanym, Tapylmazmy bir ýürekdeş ýa tanyş. Ýesir getirilen ýaly ýörüşim, Bu ýerlerde hut özi men öweýiñ. Entek ýitirmänkäm doly görüşim, Bu dünýäni doýup-doýup göreýin. Bu ýerde gyrylyp gutardy ganat, Kapasdaky bürgüt uçup bilmeýär. Otursagam munda tapyp kanagat Bu günleriñ hiç ahyry gelmeýär. Soñky döwür dymmak boldy endigim, Soñky döwür diñe gözlem sözleýär. Munda her kim yalan bilen emdirip, Sendenem ýaranjañ sözlem gözleýär. Men ozalam yalan sözi kän ýazdym, Meddah bolup, bolgusyzlañ şanyna. Yeñil şöhrat bilen alñasap gezdim, Kän sapar kast etdim öz imanyma. Indi doýup bu zatlardan gerk-gäbe, Terk eýläsim gelýär baryny birden. Biljek bolýan guşlardaky erk näme, Şoñ üçinem göteriljek bu ýerden. Sylapberdi MUHAMOW | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||
