03:21 Bir adamyñ emirden at dileýşi hakynda hekaýat | |
|
Bir kes şeýle diýdi emire garap: "Bir at beräýmeseñ, meñ halym harap. Özüñiz bilýäñiz bu uzak ýoly, Gerek ol öýüme aşarym ýaly". Emir diýdi: "Şol bolsa bar geregiñ, Çal aty al, goý, derdiñe ýarasyn!" "Haýyşym: şony bir berme, hökümdar, "Är gorkan ýerinden" diýen nakyl bar. Ömrüñ uzak bolsun, mertebäñ belent, Götin ýöreýär ol, gylygna belet". "Ondan gözüñ gorkan bolarly, meger, Beýle bolsa, ters öwür-de sürüber. Häkimleñ içinde (dogrymy diýsem) Şol ata çalymdaş azmy nä eýsem? Boluşlarna görä ýöredip ýörüs, Biz-ä derdimize ýaradyp ýörüs..." | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
