11:18 Biz | |
|
Öz elimizde bagtymyz, Aslynda biz ahyr dünýäň diregi! Eger biz islesek, islän wagtymyz Şatlandyryp bilýäs birek-biregi. Eger-de men saňa hoş sözler aýtsam, Ýa-da sen başlasaň aýdyma-saza. Aramyzdan sumat bolar gaýgy-gam, Dünýäni öwrüp bileris ýaza. Biz-Adam, Betbagtlyk öz elimizde , Bar bela — beteri tapýan özümiz. Kä gürleşip bilmän öz dilimizde, Öz münen şahamyz çapýan özümiz! Eger biz islesek, Bir-birimiziň Üstümizden ajal sowrup bileris. Gorhana öwürdik dünýäniň ýüzün, Biz ony küle-de öwrüp bileris! Biz-Adam Dünýäde aňsat bilen kyn Boýun egýär kem-kem öz-özi bize. Ýöne, men bir zada haýran: Namüçin Güýjümiz ýetenok öz-özümüze?! Tirkiş Sadykow. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
