14:32 Boljak ýa bolmajak | |
Ogry ogurlygyn goýsa-da goýar, Oýansa ynsap. Zyrrajym ýalançyň dogruçyllygam, Bolup biljek zat. Işläp baýrak alyp biler bir ýalta, Taýagy görse. Göterer çolak hem hatarda baýdak, Aýagy ýörse. Kör bolan az-azdan görüp başlasa, Sowulýar şumlyk. Töhmetçi töhmeti goýmagy mümkin, Görensoň ýumruk. Diýseler: “görip göripligni goýýa”, Goýmaz, oňa giç. Keçeňegem diýäýjekmişin “bolýa”, Ynanaýmaň, hiç! Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
