22:34 Böwenjik | |
|
Gadym ertekiler gür berýär bize, Ilde peýda bolan göýdük böwenjik, Dowar sürülerni çykarman düze, Diýipdir ol: - Seni iýmän nämejik. - Lak-luk - atyp ýörkä basym-basymdan, Iýenni siñdirip bilmändir añsat. Ýarylan çak, Bir owlagyñ şahyndan, Öz ýerli-ýerine düşüpdir bar zat. Pök-pök edip, Onda-munda köw berip, Şol böwenjik häzirlerem tapylýar. Ýöne indi Bedewler dek köwlenip, Kişñäp duran goşgulara topulýar. Kakabaý YLÝASOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
