15:29 Bu jennetdir | |
|
Sazanda Ýagmyr Nurgeldiýewiň ýagty ýadygärligine Ajap mukamlar döretdiň, Naýbaşysy “Bu jennetdir”. Tamdyranyň sazy gudrat, Bahasy çäksiz gymmatdyr. Ýürek mähriň gara-gara, Diýen etdirdiň dutara Göwünler gark boldy nura, Olam ile bir döwletdir. “Hajygolak” ýa “Ýandymy” Diňlänleň bolmaz gandymy. Säher saza oýandymy – Ynsan üçin bu lezzetdir. Saz ýaryşy şeýle: “kow–gaç”, Göwnüň galkar, bolar dyzmaç. Kim halkyna etse hyzmat - Muhammede çyn ymmatdyr. Halan ynsany Hudaýyň, Ýatlanar durar her daýym. Ýagmyr aga, seniň jaýyň, Iň bir mukaddes kümmetdir. ___________________________ Goşgy şu aşakdaky gazetlerde çap edildi: 1. “Adalat” gazeti, 27 fewral 1998 ý. 2. ”Türkmenistan” gazeti, 15 aprel 1998 ý. 3. “Edebiýat we sungat” gazeti, 14 fewral 2020 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
