19:45 Çagajygyñ Amerikanyñ prezidenti Kartere ýazan hatyny okap ýazylan goşgy | |
|
Jenap Karter, Size gönderýän nama Örän alyslardan, uzak ýerlerden. Bir gezek ser salyñ gözel dünýäme! Ýa dünýe bir wagt unduly serden? Men kiçijik çaga Gunçajyklaryñ Her bir ýylgyrşyndan gözleýän many. Siz ullakan aga çagajyklaryñ Agysy üçin döredýäñiz bombany. Aýdyñ sizde çaga ýokmudy ýa-da? Neneñ baş goşduñyz beýle ýollara? Ýa-da iliñizde boldumy kada Aldanmaklyk million-million dollara? Ynha, agşam gurjajygym ikimiz Ýatmaly erteki aýtdyryp baba. Neneñ ýürek edip öwürip biljek Şähermizi jemendesiz haraba? Meñ guwanýan dünýäm mydama gülsün, Asmandan nur saçsyn owadan gül dek. Siz diýýäñiz dünýä şar gara bolsin, Arzuwlardan boşap galan göwün dek. "Sen nireden?" diýip soraýañyzmy? Size ýazýan dünýäñ ähli ýerinden. Ähli kontinentden, hut Amerikadan Hem Gyzyl Baýdakly SSSR-imden. Orazmyrat GURDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
