12:23 Meniñ ganymda | |
|
Ýada düşýär, Birmahallar bolan zat, - Meñ ganymda baýram edýär heserim. Sen nähili alyslarda galypsyñ, Eý, juwanlyk, alysdaky säherim. Ýadymda-la Baýymýabyñ boýunda Ak gijeler aksüñki oýnanym. Ýadymda-la ajrajyk bolsamam, Ýetginjeklik, señ goýnuñda ýaýnamym. Ýetginjeklim, gursagymda ýaşaber, Ozal-ebet bolmaz senden dändigim. (Pyşyrdapjyk gulagyña aýdaýyn; Öñden bilýäm ebedilik dälligiñ). Bu gün bolsa gussa aýlanýar ganymda, Toýy bolýar bir symyljyk gussanyñ. Gül ýaşlygyñ soñky çägi alnymda, Ömürboýy hoşlaşmazlyk islänmiñ. Meñ ganymda bolýar bahar baýramy, Paýhasyñ baýramy, gahar baýramy. Bolýar onda toýy añzakly gyşyñ... Beýle baýramlara neneñ çydaýañ, Ah, garagol başym, meñ ýalñyz başym! * * * O dünýeden biri Göýä bir diri Maña garaýar. Gözleri göýä bir peýkamyñ tiri Meniñ gursagymdan perwaýsyz urýar. Ol örän pukara, göýä bir gedaý. Pukara borsuñ-da bolsañ ol ýerde. Tanamok bendäni. Kömek et, Hudaý. Meniñ ile bergim salmasyn derde! Hudaý dilegimi etmedi kabul, O dünýede oturanda nazarym. Wah, bu ýagty jahanyñ kanuny zabun, Men bärde nähili erkin gezerin? Ol otyr. Gözlerime içgin garaýar. Ol meni gagşadyp, eredip barýar. Duruñ, duruñ! Ol meniñ tanşym ýaly-la. Gözleri oñ nalaçlykdan doly-la. Eý, Tañrym! Ol meniñ göwnün ýykanym, Gözlerime bakýar algyly deýin. Ötünç soraýmasam ýanyna baryp, Alajym ýok, alajym ýok nädeýin? Orazmyrat GURDOW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
