17:31 Goşgy näme? | |
|
"Goşgy näme?" diýip soraýarsyňyz, - Ol pylan zat diýip aýdyp bolanok. "Ol şeýle-şeýleräk bolmaly" diýýäň, Ýöne goşgy göz öňüne gelenok. Men bir goşgy gördim, on dokuz ýaşly, Galam gaşly däl-de, gözleri ýaşly Gyzyň gözünde. Bir goşgyny gördüm - çagajygyna Guwanýan gözünde bagtyýar gelniň. Soň duşdum başga bir bäbeksiz gelne, Dözmedim, gyýyldym, amana geldim. Bir ýigide duşdum ol gün arada, Ýylgyrýar ol, ýöne tukat gözleri. Goşgy diýilýänem tapylýandyr,belki, Şol gözlerden özi üçin sözleri. Bir ene bar, "Bolýa-da..." diýip gezip ýör. Bili bükük. Nadyl borly oglundan. Belki, goşgydiýlen içinden aglap, Ähli gussasyny alandyr şondan. Bir goja bar. - Daşa meňzeş gözleri. Ol aglanok, ýylgyranok, gülenok. "Goşgy näme?" diýip soraýarsyňyz, Onuň nämedigni aýdyp bolanok. Orazmyrat GURDOW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
