12:36 Çözgüt | |
|
Kellesine alma gaçan Nýuton, Million oý-hyýallaň içinden geçip. Iň soňunda "Alym" adyn alypdyr, Bir alma sebäpli üç kanun açyp. Arhimedi gör-ä, suw içip durka, Suw içilýän gaba dikip nazaryn. Soň şol gapda eden açyşy bilen, Özem diýen däldir : "Alym bolaryn!" Ynha, bir ýigidem sussupes wagty, Dertdeşi atoma aýdypdyr halyn. Atom derdiň agramyna çydaman üçe bölünipdir. Bu açyşdan soň, Albert Eýnşteýn bolupdyr alym. ...A men dury suw däl, yşgyň şerabyn, Içsem-de Arhimed bolup bilemok. Köňlüňdäki beýik dagda gizlenip, Ýatan syrlaryňy çözüp bilemok. Bu başyma inen sen hakda oýlar, Meni Nýutonam edip baranok. Eýnşteýn bolup aýtsam derdimi, Duýgularma düşünibem bileňok. Men-ä açyş edip çözmekçi boldum, Çylşyrymly durmuşy däl, bir seni. Hawa, alym bolup bilmedim, emma, Şahyr edip ýetişdirdiň sen meni Isa HOJAMERDANOW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
