14:06 Dostuma | |
(Mustafa Batyrowa bagyşlanýar) Sen birjigem eglenme, Çünki saýlap alan ýoluň mukaddes. Kä agram düşsede aňadyr ele, Ol adaty ýagdaý ýoluň yitirme Ýöre. Hem çykyp git käte öz dünýäňdenem, Myhman barmak üçin özgeleriňkä. Heýde özgäň derdin diňläp bilmeseň, Özge seň derdiňi çekişermikä?! Şükür et akyly gözündelerden, Bolup bileniňe hut şonuň üçin. Durmuşa nalyş däl durmuşa söýgi, Gursagyňdan çogup çykmasyn neçüýn Döret. Öde tamalary edilen, Diýilen kän bolar erbet, gowydan. Diňe ýöre sen. Hemem şygryýet koşgünde ömür sür, Baky nikalaşan poeziýaň bilen * * * Dünýäň ýüzi ýaradylan söýgüden. A sen bolsa söýgi däl-de, Ýaradylan ýaly öýke-kineden. Nireden geldi bu duýgy, saňa. Maňa gahar etme, Gitme. Ýitme gözlerimden. Öýke diýäniňem näme, Anonimi gyz näziniň. Ädimiň gowşanok Hawa ýumşanok ýüregiň. Düşünýän götermek agyr, Bijaý sözleri käteler. Nämeden anyk bilemok, Ýöne maňa gaty täsin. Käsi söýýän diýip söýýär Käsi köýýän diýip söýýär A sen öýke bilen söýýäň, Ýöne söýýän diýmän meni Oda goýup ýene Öýkeledim diýýäň * * * Gözleriň jadysyn unutmalymy, Hem-de mähir doly ýylgyryşlarňy. Eştmedimi kalbyň duýgularymyň, Gideňde yzyňdan gygyryşlarny. Gozgamadyk borly duýgularyňy, Ýalňyzylygmy inkär edýän goşgylam. Söýgümiziň paşmadygna ýylgyrýan, Ýalňyzlygyň haly örän hoşgylaw. Bir çetde gizlenip duran bagtyňam Ýüzi bizden sowulypdyr bireýýäm. Asman bolsa bulutlardan tikilen, Gara reňkli köynegini geýinýär. Bulutlardan seçelenýän damjalar, Diňe bir ýagyş däl, yşgyň agysy ...Eşitmedimi kalbyň duýgularymyň, Gideňde yzyňdan gygyryşlarny. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |