21:48 Sadalykdan dogan kämillik | |
|
(Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar) Sadalykdan dogan kämillikdiň sen, Dünýä içre täsin dünýädiň örän. Seniň yhlas siňdiren güýzüň geldi, Sen bolsa ýatyrsyň bu keşbi görmän. Biz güýzi küýsedik basym-basymdan, Onda Gurbannazar ýaşaýar diýip. Sary ýapraklardan seni soradyk, Poeziýaň şolardan başlanýar diýip. Poeziýaň gymmaty sözde ölçenmez, "Ýer gögüň arasy"oň üçin darlyk. "Ynam" bilen bize goýan "serpaýyň", Şalaryň elinden gelmejek baýlyk. Türkmen sährasyna güýz gelen çagy, Waspyňy ýetirýän sözlerim bilen. Ýalňyz hemsyrdaşyň sary güýz ýaly, Sadalykdan dogan kämillikdiň sen. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
