00:24 Derdinden | |
|
Çünki onuň galan ömri hasaply, Çünki onuň galan ömri azaply. A.Annaberdiýew Ýa Ýaradan, ýardam ber-de, ýalkawer, Başky dileg düşek üste ýykmawer! Güýç mejaly sogrup alma gerdenden, Gelip ýeten garrylygyň derdinden. Manysyz sözletme, dilsizem etme, Ýokumsyzyň ýoknasyzyn diňletme! Tutdurmawer her namardyň egninden, Orun alan garrylygyň derdinden. Oturyp galmaga etme mejalsyz, Gorkýan zadym- goýmaweri ejapsyz! Jyda düşmäwesin bende erkinden, Orun alan garrylygyň derdinden. Arzuw hem garraýar, garradyk saýy, Arzuw edip geçdim dagda bag jaýy. Ugruna çykara giç galdym indem, Orun alan garrylygyň derdinden. Ýetişip bilmänim tabşyryp bala, Şaýym tutdum indi barmaly ýola. Razy bolaweriň, Halaýyk, birden, Göçüm etsek garrylygyň derdinden. 2022 ý. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
