00:56 Duralganyň ýanyndaky agaç | |
|
Howaň yşnagy ýok, Ýanwaryň üçi, Telpekli, possunly titiräp durun. Seniň bolsa asla piňiňe-de däl Ýüzüň kesip gelýän sowgy ýanwaryň. Gaýta belent tutup buýsançly başyň, Täze gelin ýaly sülmüräp dursuň. Ýa-ha seň mertligiň çakymdan artyk, Ýa men baryp ýatan ejiz, ugursyz. Şahalaňda doňup galan damjalar Howluganok ene ýeri guçmaga. Guşlaram goýnuňy makul bilipdir Gazap bolup gelen gyşy gyşlara. Ýöne damjalaram, guşlaram däl-de, Başgarak bir ýagdaý egledi ünsüm. Hala asman guýsun süýt reňk tozgasyn, Hala-da ene ýer durşuna doňsun, Sen şonda-da, sen şonda-da eşiksiz, Hany, nirde tomus geýen lybasyň? Ýalaňaç halyňa boýun egdirmek Kyn dälmi bu gyşyň aňzak howasyn? | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
