14:40 Güýz ýaly... | |
|
Güleňde güýz ýaly gülüp bolsady, Seleň sähralara ýazylyp, ýaýrap. Aglaňda güýz ýaly aglap bolsady, Ýere melhem bolsa gözüňden paýran. Ýazaňda güýz ýaly ýazyp bolsady, Ýetseň ýüreklere bereket bolup. Öleňde... Güýz ýaly ölüp bolsady, Şatlandyrmak üçin ýene-de gelip. «Uf, ýene gelipdir» diýmese şonda Diňe çagalaň däl, dünýäniň özem. Ýöne... Ýöne hany, sen bolup biljek?! Sen bu adamlardan has kämil, güýzüm! | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
