14:44 Jogabyny tapyp bilmedik sowalym | |
|
Mundan üç aý ozal başlan bir goşgym Agyr gussa çümüp, guýruksyz ýatyr. Jemleme hemişe ertire galýar, Bilmen, haçan geler arzyly ertir?! Göräýmäge erbedem-ä däl ýaly Başky setirleri, başky bentleri. Ah, ýöne tapylman geçen jemleme Ýaralady bütin goşgy depderi. Bar geregmiz ajap jemleme bolsa, Başymyz dik bolsa taparys tärin. Ýöne ýalňyz bir maksadyň ugrunda Ömrümizi bagş edýäris kä ýarym. Çagalygam şol bir maksada baka, Gojalygam şol bir maksada baka... Şu dogrumyka? | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
