22:26 Durdy ussa | |
|
Zergärdiñ sen, zer gadyryn bilerdiñ, Bilýäniñ zerarly bagryñ dilerdiñ. Gülýaka ýasasañ, Gün goşa bordy, Aýhalka ýasasañ, Aý bordy goşa. Käýarym, käýarym işlemäñ bardy, Köp zatlary alyp çalaran başa. Ol döwürde gadagandy sungatyñ. Işlemeli bordy mal ýatagynda, It-guşlar irkilip, il ýatanynda. Zerler çaýylardy, körük körärdi, Saña esasy zat - kesbiñ ýörärdi. Ýasatdyryp bilen saña bir zady, Begendirip biler ýakyny-ýady. Gelinleñ döşünde eliñ hünäri, Gyzlaryñ başynda eliñ hünäri. Barmaklarda eljñ degen ýüzükler, Gulaklarda aýhalkalar "ýüzüp ýör". Görkün artdyrardyñ onlap gelinleñ, Tutup durmasalar altyn eliñden. Ýykmaly bolardyñ köpleriñ göwnün, Eger diri bolan bolsañ sen bu gün, Synan göwünleri diklärdiñ hökman, Işlärdiñ şoñ üçin dükandan çykman... Zere gaplanmadyñ ulanyp käriñ, Gyzyla gapladyñ eliñ hünärin. Sen gitdiñ öwretmän ogluña kesbiñ, Näm üçin, zergärim, kesbiñi kesdiñ? Ol döwürde gadagandy sungatyñ, Gadagandan surnugandy sungatyñ. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
