23:54 Dürli-dümen setirler | |
Adam, sen özüňi güýçli saýýarsyň. Ýöne, bu jahanda ejiz sen ejiz. Özüň tebigatyň şasy duýýarsyň. Duýgularňa uýup ýalňyşýaň hergiz. Beýik Alla tebigaty döretdi, Ýeri, gögi, suwy, hem-de howany. Soňra toprakdan seni ýaratdy. Bolsun diýip tebigatyň dowamy. *** Guşlar uçmak üçin ýaradylypdyr, Biri belent uçýar, biri pessaýlap. Käsi tapanjasyn çokalaşyp ýör, Käsi iýmitini iýýärler saýlap. Käsi ömürinde uçup görmändir, Ýöne nämüçindir şolaň adam guş. Olar bürgütleriň uçýan ýerinde, Erkin uçsam diýip arzuw edýärmiş. *** Sen düýn ateistdiň bu gün mollamy? Sakal goýberipsiň syryp kelläňi. Durmuş eger, täze bir öwrüm etse, Şonda nämä çalyşarsyň selläňi? Bu bolýan işlere haýran men walla, Näme geýse gelişip dur bu kellä. Sen ili aldasaň aldarsyň welin, Sen tetellä ynanarmyka Alla? *** Bir baý öldi, bendäň aý-güni öçdi. Ömri bahyllykda, meslikde geçdi. Wezipesi üçin, baýlygy üçin, Hantama adamlar ýasyna üýşdi. Garyp öldi,bende halal ýaşardy, Adamlaň göwnüni tapyp başardy. Abraýy bilen, häsiýeti bilen, Guburnyň daşyna adam üýşürdi. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||