Daşymda adam köp. Ýöne hiç kim ýok. Gözlem görenok. Gulagym eşdýär, Her hili sözler. Men gygyrýaryn. Hiç kim eşdenok. Gussaly gözler, Hem salyk ýüzler. Ýüregim duýýar. Olar ezizlem. Neçün aglaýar, Jigilem , gyzlam?. Hiç düşünemok. Men barmy ýa ýok? Ýada düýşmika?... Jogap ýok muňa , Hemme dymýalar. Garylýan guma, Meni gömýäler...
Düýş bolsada oýanmaýyn. Bu ümsümlik erbedem däl. Tirsegime daýanmaýyn, Soňky durmuş gurbatym däl.
Soňky 3 ýylyň dowamynda hiç zat ýazyp bilmedim. Indem şular ýaly bolgusyz setirler döreýär. Ýöne ýazmasam günüme goýanoklar, ýazdym, paýlaşdym, ynjaldym.
Azat agam, gelmese ýazyp bolanok. Gelse ýazman bolanok. Şoñ üçinem gelşi ýaly ýazmaly bolýar. Bu düýş diñe siziñ düýşüñiz däl. Bu düýş ömrümiziñ soñunda hemmämiziñ görmeli düýşümiz ahyry.
Gowy goşgy, Iň soňky bendi bir hili özbaşyna, başga ýagdaýda ýazylan ýaly!? Soňky bende ýetýänçä çyndanam şahyrana, bu panydan üzülen hal, şahyram şygryýetiň hiýaly äleminde, ýöne soňkuja dört setir Azat aga ýene adamjyklygyna öwrülen ýaly!? Haladym