13:11 Durmuş oýunlary barada sakgaldaşyň gürrüňinden | |
|
Jahyl çaglarymda çaga köpeltdim, Söýdüm, ulaltdym hem toýlaryn tutdym. Mähir-muhabbetden gujagym dolar, Garramda hözirin görerin öýtdüm. Gojalamsoň, (ejizlik däl ýöne çyn), Özüm üçin ýaşamagym ýene kyn. Gaýgy-hasrat gujagymy doldurdy, Her balaň müň derdi bolany üçin. 2022 ý. *** Kemeler gymmaty, görnügi bolmaz, Bedewiň guýrugy, ýaly bolmasa. Zelili. Getirdiler meýdandan, Gamyşgulak bedewi. Görseň gözüň gamaşd:yr, Owsun symap bedeni. Görnügi hem gymmaty, Tylla ýalyn gyrkdylar. Deregine boýnuna, Bezeg şaý-sep dakdylar. Girdi emeli durka, Üýtgäp, tebygy görki. Bedew gözden ýaş dökdi, Durkuna bolman erki. 1997 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
