20:13 Düşünişmezlik | |
Şeýle pursat geldi - Men ýeke galdym. Ne ýakynym, Ne dostum bar ýanymda. Tutyny goýberip, Aýnany ýapyp, Bir aýylganç gygyranym ýadymda. Şeýle bir gygyrdym - Ýassygy çeýnäp! Öz sesime gulaklarym gapyldy. Ötegçi akyp dur eýläk-de beýläk, Ne-hä eşden, Ne-de gelen tapyldy. Dost-ýaryma ýeke-ýeke jañ etdim. Kimsi öýünde ýok, Kim zerur işli. Ot alan otagda galan güjük deý, Ýürek urnup-urnup, ýerinden süýşdi. Ýene-de gygyrdym penjirä bakyp, Tapylmazmy, hiý, göwünlik berenler? ...Birniñ sesi geldi: "Henizem bar-ow Mesligine çydap bilmän ýörenler!.." Şiraly NURMYRADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 11.09.1987 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
