03:31 Düýäniñ, goýnuñ hem-de öküziñ jedeli | |
|
Görüp ýolda ýatan bir bogdak oty, Düýe, Goýun, Öküz begenen gaty. Biraz oýa batyp, seslenen Goýun "Bölüşsek, hijimiz bilmeris doýup. Haýsymyz dünýäde köp ýaşan bolsak, Ot şonuñky bolsun, ýaýnasyn ol dok. Eger şeýle etsek bolar göwnejaý. ulyny sylany halaýar Hudaý". Öküz ýogyn molap, diýipdir şo hal:<br /> "Goýnuñ maslahaty unamazça däl. Bu işde hiç kimiñ galmasyn göwni, Her kim aýtsyn näçe ýaşyndadygny". "Hasaplaýyn ýaşan ýyllarmyñ sanyn, Gezdim sürüsinde Halylullanyñ. Ondan bärkilerni aýdyp durmaýyn, Başga pygamberiñ - ady Ybraýym. Ilki soýup, gurban beren goýny-da, Meñ söwer dostumdy, alýan boýnuma". Diýip, Goýun tamamlanda gepini, Öküz dillenipdir: "Diñläñ siz meni. Diýýän sözlerimde hiç ýokdur ýalan, Adam ata ýer sürüpdir meñ bilen!" Düýe haýran galyp olañ geplerne, "Näme, çypdyrýañyz?" diýmegiñ ýerne, "Edýänim şu!" diýýän ýaly hamana, Ýañky oty hellewledip asmana, Diýipdir: "Etmäliñ biderek jedel, Ota haýsyñyzyñ agzyñyz ýeter? Nä aldajak bolup, çekýäñiz azap, Sizden ýaş däldigim, görnüp duran zat". | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
