09:53 Eneme | |
Nohurlylarda üzärlige iswent diýilýär. Mähek dek päk, ýeňil elleriň bilen, Dogaly, senaly dilleriň bilen, Saglykda ýaşara illeriň bilen, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Gelen, geljek bela dep bolsun - diýip, Nähoşlan keselden sagalsyn - diýip, Golaý gelmäwersin arwah-jyn - diýip, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Halala degmesin bahylyň gözi, Ýürek bulamasyn betpäliň sözi, Belki bolsun, şolara-da em özi, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Agzybirlik, rysgal bolsun öýlerde, Mal-gara dok gezsin dagdyr çöllerde, Gyz-gelinler senden alsyn görelde, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Ata-baba danalaryň sargany, Derman otlaň arasyndan saýlany, Alkyş aýdyp, doga-dileg et däni, Ýene iswent tütetsene, ene jan! 2020 ý. | |
|
| |
