17:04 Eziz Türkmenistan | |
Ilde algysy kän, Bergisi ýokdur. Hiç kimim ýanynda egnin ýygyrmaz. Şonuñ üçin bu gün ýüregim joşdy, Ülkämi wasp etsin indi şygyrlam. Gapylarmyz açyk dosty-ýar üçin, Göwnümizem açylyşdy kem-kemden. Hergiz göwni sahy, el açyga, Rysgal bilen döwlet bolýandyr hemdem. Binalarmyz beýik, görlen zat däl, geñ, Tahýañ ýere gaçýar, golaýdan baksañ. Pederleñ aýdany çyn bolup çykdy, Arkamyzy çoýjak ýagty Gün hakda. Çyn daýhan han boldy ~ saçagy doly, Ak bugdaýyñ ysy urar burnuña. Katdyńy dikeltdi, Egnini ýazdy, Ýyllar boýy jepa çekip surnugan. Hannas bolma, baý bol, päsgel berýän ýok, Ek, suwar, ýetişdir, ýetişdir, ýer bölüp al-da. Pederleriñ gany hem deri siñen, Toprak ideg etseñ, berýär kän galla. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
