13:09 Ezizim, ot ýakdym... | |
|
EZIZIM, OT ÝAKDYM Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda, Gel, otur, Geçeli ojak başyna. Isleseň, Ikimiz söhbet açaly, Ýalyn ýalkym salsyn degre-daşyna. Her kimiň öz derdi, Öz hyýaly bar, Kim meýlise barýar, Kimseler işe. Emma ot başynda, Ojak daşynda Göwün posy açylýandyr hemişe. Aýby ýok, Käte sen böwrüňi diňläp, Oýa gidip otursaň-da sedasyz. Göreş tutup, Hüjüm edip, Hiç haçan Ýeňen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz. Aýby ýokdur, Arzuw baryn eksegem. Käte gaty güläýsegem, Aýby ýok. Gözden gizlän hatamyzy aç-açan Ot başynda biläýsegem, Aýby ýok. Arzuw-hyýal ot-ýalyna öwrülip, Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar. Elmydama taplaýandyr ot bilen Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar. Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda, Sowul, Çoýunmaga çagyrýan seni. Ýylyn-da, ýoluňa gidiber ýene, Kaýyl men, Üşäňde ýatlasaň meni! 1966. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
