08:18 Galamdaşyma | |
|
Ömri şygyr bilen bezemek isläp, Ýaşadyk özümiz şygyr, heň bolup. Şöhraty däl, şahyrlygy höwesläp, Gezdik özgeler deý joşup, hiňlenip. Goşgy ýazdyk, aň etmedik soňuny, Şeýdip, derdimizem ýeňäýen ýaly. Şygyrýet köýnek däl, geýip, soň ony Egniňden çykaryp zyňaýar ýaly. Ýeri, başyň alyp gidersiň nirä? Ýol, duralga, iş, öý... durşuna şygyr. Sowuk gijelere maňlaýy diräp, Gözledik, agtardyk täzeçe pikir. Pikrimizden uzyn geldi bu durmuş, Başgaça ýaşadyk arzuwlarmyzdan. Günler - çözmesi kyn tapmaça, gurluş, Olar jogabyny hantama bizden. Günleriň gözünde galgan sa:lgym men, Ýüregim düşnüksiz ahmyrdan doly. Eşigmiň ýyrtygna utanmandym men, Gowşak goşgularma utanşym ýaly. Ömürden däl, wagtdan has öňe gitdik, Dost diýip, köpleriň elini gysdym. Şatlygy däl, derdem deň bölüşjekdik, Biz muny başaryp bildikmi Dostum?! Aýtsana Dostum! Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||
| ||||||

düşüneñyzokmy