09:15 Gaplaň | |
|
Dagyň eteginde ýaraty gaplaň Düýrülip, ýazylyp tapanok karar. Ejizlemek nire, gaplaňlyk nire, Ol hötde gelmezmi bujagaz ýara? Ýat bolar gaplaňa algyr çakganlyk, Ondan bolsa aýrylasy gelenok. Şeýle awçylar bar — tyg çekse çekýär, Ýöne ýürekden jaý urup bilenok. Gaplaň süýräp agyryly syrasyn, Ýuwaşjadan daga çykyp barýardy. Garaýşy-da derdi ýaly agyrdy, Bu giň dünýä gaşyn çytyp barýardy. Birden hem özüni zyňdy uçutdan, Dag-daşlar güwleýär — durup bilenok. Ýowuz awçylar bar — tyg çekse çekýär, Ýöne ýürekden jaý urup bilenok. Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
