05:52 "Göýä, bir azaşan gämi..." | |
Göýä, bir azaşan gämi, Jahanda ýok belli ugrum. Bu hem hiç, Ýöne göwrämi Ýok etmekçi bolýar ruhum. Ol diýýär: “Saňa dynçlyk ýok, Baş goşduň peýdasyz işe. Seni öňe äkidýän ýol Hiç haçan gowşurmaz ile. Seni söýüp idäp gelen Soň galmak islär ganyňa. Owal-ahyr şatlyk bilen Dolanmarsyň mekanyňa. Özgäniň çekýän ezýeti Saňa ötere ýol bermez. Dünýäniň aýşy -eşreti Gamgyn köňlüňi bejermez. Özüňe tapmarsyň orun Gämisinde goja Nuhuň...” Şu zatlary aýdyp her gün Maňa azar berýär ruhum. Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
