22:16 Gelin | |
|
Miweler ýygnalyp, hasyl sowulyp, Daragtlar goluny gerende gyşa. Joralarnyň arasyndan sogrulyp, Oba gyzy çykyp gitdi durmuşa. Utanjaň gyz edep üçin aglady, Gözýaşlary patrak ýaly seçildi. Gyzlyk bilen gelinleriň arasy, Şagalaň-şowhunly toýda geçildi. Ynjalanok giň otagda aýlanyp, Çagalygna uçup gidýär hyýaly. Otyr gelin durşy bilen şaý bolup, Täze ýyl bezelen arça mysaly. Orazgylyç ÇARYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 20.08.1982 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
