01:07 Gar | |
Töwerek asmany diñleýän ýaly, Synlaýar Zeminim diñmeýän gary. Agaçlar şemala alakjamaýar, Meniñ çümre geýen gulakçynym gar. Gör, gar giñişlikde uçganaklaýar, Depeleriñ ap-ak içmekleri bar. Seredýän uzaga, bakýan ýokary, Görýän şol bir zady: ak menekleri. Deñ-duş dünýe bilen, hemem bir ýaşly, Eý, sen ilkinji gar, alada-işli. Sende juda uly jady bar diýsem, Diýsem ynsanperwer, ýalñyşmy eýsem?! Al-asmandan gelip, görünmän del sen, Adamlara şatlyk getirýän bolsañ. Mämmetnazar Babanazarow, Güller deñzi. Aşgabat "Türkmenistan" neşirýaty 1986. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
