12:30 Garaşýan | |
"Söýgi isläp peýker gelse gohuma, Ýüz bermerin garaşaryn ruhuña." Baýram Akatow. Gözleriñde keşbim söndi peýda boldy özgesi, Giñ kanalda balyk bolup gadagandyr ýüzmesi, Kyndyr maña janymdanam umyt taryn üzmesi, Umytly men, öñküñ deýin güleriñe garaşýan. Özge ary perwaz urýar ol eýjejik güllerde, Indi adym tutulmaz meñ öñ ýañlanan dillerde, Hatda gördüm özge goly ol näzejik billerde, Ah, şonda-da gol uzadyp geleriñe garaşýan. Garaşardym, garaşarnam mundan beýläk hemişe. Indi hijem güýjüm ýokdur sen tarapa ýörüşe, Asla teniñ gerekmez señ, golum barmaz şer işe, Ruhlarmyz birleşse bo:r, ten ölerne garaşýan. * * * Melul eden ol bendiwan ýylgyrşyñ, Görmek üçin hiç hatardan gaýtmandym. Emma, gelip şol jadyly keşbiñi, Görenimde, gynanaryn öýtmändim. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||
