09:25 Gaty görme | |
Seniň balkyldaýan gara gözlerňe Kämahallar doýman seretsem uzak… Birden-birden gatyrganma, özgerme, Sen maňa raýdaş duýgy bilen bak. Başarsam, men saňa seretmekçi däl, Barmyň ýa ýokmuň hem diýmekçi däl hiç. Ýöne, alajym ýok, ýaňaklary al, Meni öz erkime goýanok bir güýç! Ol güýç elmydama menden rüstem, Oň elinde has kän mümkinçilik bar. Senden yraklarda ýörenimde hem Ol meni südürläp ýanyňa eltýär! Kämahallar seniň deňiz gözlerňe Seretmezden geçip gitsem ýanyňdan. Şübhelenme owal aýdan sözlerme, Ol sözleri syzdyrdym men janymdan! Ynansaň, kä öz-özüme zor salyp, Bilgeşleýin senden durýaryn gaça. Sen ondan özüňçe bir many alyp, Oňa birden düşünäýme başgaça. Gaça durýan, seň ýüzüňe özgäniň Ýylgyryp bakanny görmejek bolup. Çekilýäň, kimedir näz edip, janym, Gaşyňy kakanňy görmejek bolup. Kä içgin seretsem, Kese baksam kä, Ondan aýry many gözläp ýörme sen. Bu zatlar özüme bagly zatmy nä, Çytylma, Ynjama, Gaty görme sen… Tirkeş Sadykow. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
