12:24 Gellimergeniň goşy | |
![]() Depe, oý meýdanly, ümür-dumanly, Gaýa, zawy arça bilen kerkawly. Bir ýurt bardyr Garrynohur dagynda, Degresi gaplaňly, deresi awly. “Gellimergen” bolup bu ýurduň ady, Kim Gelli?! Bilýän ýok, ötüp şaýady. Nirde mesgen tutan, haýsy tireden, Belli däl, bolupmy zürýady, zady. Mergenmi ýa mergen ady goşulan, Bilmeýär ýaşanlar segsendir, togsan, Diriler bilenok, ölenler- ölen, Bolandyr öň döwür, bilenem, ýogsam. Şu at-ha ýaşap ýör bu ýurtda hälem, Bolmanda-da adyň eýesi mälim. Oglanlygmyň geçen ýerlerniň biri, Şindem düşýär atam ýurduna ýolum. Bu çarwa mesgeniň adyn göteren, Bolan bolsa gerek, mert hem ilhalar. Dag özüne ýaran etmez ýamany, At galsa daglarda çyn ärden galar. Awçymyň, sawçymyň, kowçy ýa gaçgak, Kim bolsaňda bir bilýänim aýtjak: Adyň tutar entek köp dagly maldar, Malyny seň guýyň suwuna ýakjak. Taryh bi, ýitýän syr kän bora çemli! Aýan zat ýekeje - adyň-a Gelli! Atdaşym, eý kişi, ahmyrly ýeri - Haýsy zaman, kim bolanyň näbelli! 2011 ý. *** Eli galam tutýan, ýazýanlar bolup, Ýaryşýas, wasp edip oba ilini. Öwüp dagyn, bagyn, taryplaýarys, Çopan taýagyny, daýhan pilini. Garaz, obamyzy jennete deňýäs. Ýaşamak üçinem, bilmen nämeden, Şähere eňýäs. 2022 ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |