18:22 Gelsediñ | |
Ilki sagat soñ sanadym günleri, Aý dolsa-da söwer ýarym gelmediñ. Gözlem ýolda umyt baglap gülleri, Düşesem-de ahy-zarym gelmediñ. Aýlar dolup öwrülse-de bir ýyla, Asmanda gök gürläp guýsa-da jala, -Üşärsiñ-ä! -diýip, meñzäp bägüle, Garaşsam-da dünýe-barym gelmediñ. Dilimlenen ýürek közüñ üstünde, Hijran ony köýdürmegiñ kastynda, Her gün ýene ýeke Aýyñ astynda, Otursan-da alma-narym gelmediñ. Ne beýle nämüçin edýärsiñ zulum, Ýerdäki Aýa hem ýetenok golum, Sende ýaşaýyşym sende-de ölüm, Boýna syrtmak salyp darym gelmediñ. Ýüzde ýylgyryşym ýürekde dagym, Miýesser edensoñ ah, özgä bagyñ, Gözlerim ýaşlaýyp kemsinen çagym, Terk eýlediñ namys-arym gelmediñ. Ezraýyl dükürdäp kakanda deprek, Agaçlar astyna düşende ýaprak, Bu tenim gaýtadan bolmanka toprak, Soñky dem bolsa-da, ýarym gelsediñ. Ahmet ARAZOW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||
