17:45 Gogola | |
Ýürek sansyz pikirleriñ ýesiri: Biri ony gysýar, ýarmakçy biri. Üçünjisi oña sygnyp aglaýar, Hudaý görkezmesin, bu ne ahy-zar! Ýüz tutara kimiñ bar, Göz bolsañ hem gözsüze, Kim aýdanyñy añlap, Düşüner beýik söze? Hemme ker - başlar egik, Biri zynjyr baglaýar. Eý, meniñ beýik dostum, Sen gülýäñ, men aglaýan. Aglanyñdan ne peýda, Diñlän tapylmaz seni... Oýandyrmaz ýurdumy Gümmürdeýän top sesi. Ata gurban eýlemez Eziz ogluny - janyn Erki üçin, şany üçin Biziñ Ukrainanyñ. Ol ony terbiýeleýär, Soñ esger bolsun diýip. Tagta hem-de Watana Saýasyn salsyn diýip. Ne bir zat eşideris, Ne-de bir zat añlarys. Eziz dogan, biz diñe Güleris hem aglarys. Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
