15:48 «Watansyz bir ýetime…» | |
Watansyz bir ýetime Jahanda ýaşamak kyn: Gaýgy-gamyñ derdinden Derýa bök, azapdan dyn! Gark bolan hem ýagşydyr - Irdim gapy syrmakdan; Durmuşyñ lezzeti ýok, Mahrum bir ýan barmakdan. Kimiñ bagty meýdanda Hoşajyk çöpläp berýär; Gök deñziñ añyrsynda Meñki azaşyp ýörýär. Baýy garşy alýarlar Tiz bükülip mazaly; Meni hiç kim tananok Tüýs bu ýerli däl ýaly. Baýlar küýki bolsa-da, Gyzlar gülüp bakýarlar; Meniñ söýgimi bolsa Masgaralap çykýarlar. - Sen meni halamadyñ: Güýjüm, görmegim ýokmy? Ýa sen kem söýdümmi, Saña gülenim hakmy? Kimi söýseñ, şony söy, Belli - men mynasyp däl. Käte ýatlap görýärin Hem-de tisginýän dermal. Watandan çykyp gitjek - Jahan giñ, aýlanar men; Ýa taparyn bagtymy, Ýa ýaprak dek solar men. Kazak gitdi uzaga Hoşlaşman hiç kim bilen. Ol deñziñ añyrsyndan Günüñ batyşyn görüp Öldi... Ýat ilde ölmek Kyndyr hemmä el serip! • ŞTERNBERGE ÝATLATMA Gidersiñ uzak, Görersiñ köp zat. Gamlansañ, gardaş, Meni etgin ýat! Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Çary AŞYROW. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
