13:13 Görogly eposyna prolog | |
|
Möjege owlagyn aldyran geçi Tap getirip bilmän ýowuz täleýe, Ak süýdüni ýaşyl düzlere seçip, Gözledi perzendin eňräp mäleýe. Boýny jaňly süriň başyn çekjegi Gitdi ýeke gezek daga ýaýraman. Gaýgy-hasrat demir naldan ökjeli, Şahyna dag basdy, köňlüne arman. Beýle hasrat kän bolupdyr ozalam, Çopan süri üçin ilkinji däldi…. Ilkinji gam bolup gök ot, bozagan Bu gün janaweriň ýadynda galdy. Dünýäň gamy başa inen çagynda Öňler ýowuz däl ýalydy böriler. Mäleýäni garaşmasa agylda Nämä gerek gaýdyp gelmek örüden. Eýsem, düze owlak bolup bökermi Gök asmandan ak bulutlaň tüýdümi. Indi suwsuz guran kaka dökermi Ol ýelnine sygman duran süýdüni? Ýok, yhlasy söýegidir täleýiň, Medet berer ejiz bolup doglana. Sataşdyrar geçmez ýaly mäleýip, Görden çykan süýde mätäç oglana. Ilmät GURBANOW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
