PUL
Otyryn aýnaň öňünde,
Daşarda şemal şuwlaýar.
Harasat turýar köňülde,
A, jübimde it uwlaýar.
Puldan ýüregim agyrdy,
Çekýärin indem külpetin.
Myhmançylyga çagyrdy,
Şu gün agşam köne ülpedim.
Seretmezden çagyranna,
Bu gün onuňka gitmerin.
Oň emzikli çagalarna,
Öňkim deý sowgat etmerin.
Ýatdan çykdy duşuşygam,
Hemme zatda pul derwaýys.
Mugtuna ýanmaz yşygam,
Bar zat karz bilen haýyş.
Zat ýok gursagy tüýlüleň,
Ylganyna, çapanyna.
Janym ýanýar hytaýlylaň,
Puly oýlap tapanyna.
Hereket togtatsa puly,
Meň üçin uly jahan dar.
A, kime görüner uly,
Köplerem bolar zada zar.
Ilmät GURBANOW.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 477 |
Добавил: sylapberdimuhamov
| Теги: Ilmet Gurban
| Рейтинг: 4.7 /3
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 5
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
"Dilegi duş gelmez hak diýip ýatanyň.
Işi rowaç tapar bet iş tutanyň."
Ýa-da
"Ýigidi ýok eder ýoksuzlyk dert hem"
Pyragy aýtmyşlaýyn pul bilen ölçenilýän, baha berilýän, sylanylýan döwür boldy öz-ä
0
"Ýigidi ýok eder ýoksullyk dert hem" Magtymgulynyň ýegeninli öýdýän?
0
Hatda jan saglygam pula bagly :(
0
...jan saglygam pula bagly. DERmanam medisina kömegem pul bolmasa bolmaýa.
Emma Turkiyede bir aptegiň içinde "Şypa Alladandyr, derman diňe wesiledir (sebäp)" ýazylypdyr. Emma kesel-dert bilen bagly aýry-aýry hakykatlar bar. Başyna düşmedik bilmeýär.
0
Içine pul oklamasañ öz telefonyñ ýüzüñe seredýärmi diý...