17:10 Goşgudan daşda | |
Aşygyna goşgy ýazýar magşuk gyz, Başyň egseň şeýle şygra, epip dyz. Gelse ýigit, geldi diýip begenýär, Gidäýse-de oda düşýär, elenýär. Emma goşgulary galapyn gamgyn, Sözleri ataşly, gyz kalby gözgyn... Belki ýigit, şahyr gyzy söýenok, Ne sebäpden bagtyn köşeşdirenok?! Ýa ýigidiň söýýän zady başgadyr, Ýa-da goşga düşünerden daşdadyr. 2023 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
